TZK 25 –nji maddasy esasynda zähmet şertnamasy baglaşylanda işe girýän şahs iş berijä şu aşakdakylary görkezmelidir:

— Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamany (passport ýa-da onuň ornuny tutýan başga resminama, on alty ýaşa çenli ýaşdaky adamlar üçin dogluş hakyndaky şahadatnama);

— harby borçlular we harby gulluga çagyrylmaga degişli adamlar üçin harby hasabyň resminamasyny;

— zähmet şertnamasyny ilkinji gezek baglaşýan ýa-da esasy işi bilen utgaşykly işe girýän işgärden başgasy zähmet depderçesini;

— Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýörite bilimi ýa-da ýörite taýýarlygy talap edýän iş üçin bilim hakyndaky, hünär ýa-da ýörite bilimleriň bardygy hakyndaky diplomy ýa-da başga resminamany;

— saglyk ýagdaýy hakynda lukmançylyk netijenamasy we eger olaryň görkezilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bolsa işe gatnaşygy bolan gaýry ýagdaýlary tassyklamak hakynda beýleki resminamalar.

Zähmet şertnamasy baglaşylanda iş berijiniň şu Kodeksde göz öňünde tutulmadyk resminamalary talap etmäge haky ýokdur.

Aýry-aýry halatlarda döwlet ýa-da beýleki işiň (gullugyň) aýratynlygyny hasaba almak bilen zähmet şertnamasy baglaşylanda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goşmaça resminamalary görkezmegiň zerurlygy göz öňünde tutulyp bilner111