Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 553 maddasy  esasynda sowgat bermek, eger-de sowgady alýan sowgat berijä ýa-da onuň ýakyn garyndaşlaryna degişlilikde uly minnetdarsyzlygy bildirse, ret edilip bilinýär. Eger-de sowgat bermek deň hukukly ret edilse, sowgat edilen emläk sowgat beriji tarapyndan talap edilip bilinýär. Sowgat bermek sowgat berijä sowgat bermegi ret etmäge hukuk berýän ýagdaý mälim bolandan soň bir ýylyň dowamynda ret edilip bilinýär.

Siziň soragyňyzdan görnüşi ýaly, sowgat bermek şertnamasy hossar gyz doganyňyzyň adyna täze wesýetnama resminamasy düzülenden soň 3 ýyldan ret edildi. Sowgat bermek şertnamasyny bikanun ret etmek meselesi boýunça Siz kazyýet edaralaryna ýüzlenmäge hukukly.