Türkmenistanyň masgala kodeksinin   81-nji maddasy esasynda  çaga maşgalada özüniň iň gowy bähbitlerine täsir edýän islendik mesele çözülende öz pikirini mälim etmäge, şeýle hem islendik kazyýet we administratiw seljerişiň barşynda diňlenilmäge haklydyr.

-10 ýaşyna ýeten çaganyň pikiriniň nazara alynmagy, onuň iň gowy bähbitlerine garşy gelýän ýagdaýlardan başga halatlarda, hökmandyr.

— Şu Kodeksiň 83-nji, 97-nji, 114-nji, 116-njy, 127-nji maddalarynda göz öňünde tutulan halatlarda hossarlyk we howandarlyk edarasy ýa-da kazyýet ol ýada başga çözgüdi, diňe 10 ýaşyna ýeten çaganyň razylygy bilen kabul edip biler.