— Iş berijiniň başlangyjy boýunça şol bir kärhanada başga işe geçirmek diňe işgäriň ýazmaça razylygy bilen amala aşyrylýar, şu Kodeksiň 34-nji, 36-njy maddalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

— Eger başga işe geçmek şu aşakdakylar bilen baglanyşykly bolsa: 1) önümçilik tehnologiýasynyň, zähmetiň guralyşynyň üýtgemegi, işleriň möçberleriniň gysgaldylmagy netijesinde işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy; 2) öň bu wezipe sanawyndaky wezipäni eýelän işgäriň işe dikeldilmegi, iş beriji işgäre onuň degişli kärine we hünärine laýyk işi, ol bolmadyk mahalynda bolsa kärhanada bolan başga işi teklip etmäge borçludyr.

— Iş beriji lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda başga işiň berilmegine mätäçlik çekýän işgäri, onuň razylygy bilen saglyk ýagdaýyna ters gelmeýän bar bolan başga işe geçirmäge borçludyr.

— Işgär başga işe geçirilmeden ýüz öwrende ýa-da iş berijide degişli iş bolmadyk mahalynda zähmet şertnamasy şu Kodeksiň 39-njy maddasynyň birinji böleginiň 3-5-nji bentlerine laýyklykda bes edilýär (ýatyrylýar).

— Işgäriň razylygy bilen iş berijileriň arasyndaky ylalaşyk boýunça başga kärhana işe geçirilende, işgär bilen baglaşylan zähmet şertnamasy şu Kodeksiň 39- njy maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda ýatyrylýar.

— Başga hemişelik işe geçirmek iş berijiniň buýrugy bilen resmileşdirilýär.

— Işgäriň şol bir kärhanada başga iş ornuna, şol ýerdäki başga düzüm birligine iş ýeriniň üýtgedilmegi, zähmet şertnamasynda şertlendirilen şol kär, hünär ýa-da wezipe boýunça başga mehanizmde ýa-da agregatda işlemegiň tabşyrylmagy onuň başga işe geçirilmegi däldir we munuň üçin onuň razylygy talap edilmeýär.

Şu aşakdaky ýagdaýlarda işgäriň başga işe geçirilmegine ýol berilmeýär:

1) saglyk ýagdaýy boýunça oňa ýaramaýan başga işe;

2) hünärli işgäri hünärsiz işe.