Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar bar bolan ýagdaýynda, nikany bozmak Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyklykda kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.

Hususan-da, 23-nji maddanyň birinji bölüminde we 25-nji maddanyň dördünji bölüminde göz öňünde tutulan ýagdaýlar esasynda nikanyň bozulmagy hakynda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde aýdylýar.

Maýyp çaga seredýän bolsaňyz ýada siziň zähmet ukypsyzlygyňyz nikada bolan wagtyňyz ýada nika bozulan günüňizden bir ýyldan köp gün geçmedik bolan ýagdaýynda, üç sany kämillik ýaşyna ýetmedik çagalardan daşary özüňiz hem ýoldaşyňyzdan eklenje bil baglap bilersiňiz.

Şeýlelik bilen, nikany bozmak kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar we siz  ýoldaşyňyza bildirýän ähli talaplaryňyzy, şol sanda bilelikde satyn alnan emlägi bölmek baradaky arzany görkezmelisiňiz.