Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 52 mad. laýyklykda är-aýalyň nikada duran döwründe satyn alnan emläk olaryň bilelikdäki emlägi hasaplanylýar we nika bozulanda deň ikä bölünmeli. Düzgün bolşy ýaly, är-aýalyň bile ýaşaýan döwründe alýan ähli pullary maşgalanyň girdejisi hasaplanylýar:

— aýlyk haklary, sylaglar we iş bilen bagly bolan islendik başga tölegler;

— telekeçilik işinden girdeji;

— galam haklary we aň işinden beýleki girdejiler;

— pensiýalar, kömek pullary, öwezini dolma tölegleri.

Är-aýalyň bu girdejiniň hasabyna satyn alan zady ýa-da olaryň maýa goýan zady umumy emläk hasaplanylýar.