Hili pes harydy satmak “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň hereket edýän Kanunyň bozulmagy bolup durýar, ol sarp

edijileriň göwnejaý hilde we sarp edijileriň saglygy we ömri üçin howpsuz bolan harytlary (işleri, hyzmatlary) satyn almaga bolan hukuklaryny

kesgitleýär.

Şonuň üçin göwnejaý däl hilde bolan haryt satyn alnanda, öz hukuklaryňyzdan peýdalanmagy we pullaryňyzy gaýtaryp almagy ýa-da pes hilli

harydy göwnejaý hilli haryda çalyşmagyňyzy berk maslahat berýäris. Bu ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet söwda gözegçiligi ýardam berer.

Eger-de siz pes hilli harydy özbaşdak gaýtarmakçy ýa-da çalyşmakçy bolsaňyz, onda ilkinji nobatda satuwyň amala aşyrylan dükanyna ýüzlenmeli we

Siziň bu harydy näme üçin gaýtarmakçy bolýandygyňyzy asuda düşündirmeli.