Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-nji maddasynda jyns alamaty boýunça deň hukuklylygyň bozulmalary göz öňünde tutulýar we kanun tarapyndan kesgitlenilen jogapkärçilige getirýär.

Türkmenistanyň kanunçylygy bilen jyns alamaty boýunça hukuk kemsitmelerine ýol berilmeýär.

“Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 3-nji we 6-nji maddalaryň esasynda aýallara we erkeklere döwlet tarapyndan deň hukuklar we deň mümkinçilikler, şeýle hem milletine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk, wezipe we maşgala ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýyşyna, syýasy ygtykadyna, partiýa degişliligine ýa-da haýsydyr bir partiýa degişli däldigine garamazdan, kanunyň öňünde deňlik berlen.

Miras almak raýat kanunçylygy we gaýry hukuk namalary bilen kadalaşdyrylýar. Miras almak miras berijiniň aradan çykmagy bilen baglylykda açylýar.