Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 508-nji maddasyna laýyklykda şertnama baglaşylan islendik tarap, şertnama baglaşylandan soň beýleki tarapyň möhüm bir zady ýerine ýetirmezligi üçin hakyky howp bardygyny bilse, öz borçlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp biler.

Ýönekeý ýerden, sebäpsiz şertnamany ýatyryp bilmersiňiz. Şertnamanyň ýatyrylmagy diňe şul ýagdaýlarda mümkindir:

— taraplaryň ylalaşygy boýunça;

— bir tarapyň islegine görä;

 

Talaplaryň ylalaşygy boýunça şertnama diňe şu ýagdaýda ýatyrylyp bilner ýagny satyjy bilen alyjynyň arasynda hiç hili özara ylalaşmazlyk bolmadyk ýagdaýynda. Bu ýagdaýda taraplaryň bu netijä nädip gelenlikleriniň sebäbi wajyp mesele bolup durmaýar. Birek-birege ylalaşmazlygyň bolmazlygy we şertnamanyň ýatyrylmagyna razy bolmagy möhümdir. Bu ýagdaýda kazyýete gitmegiň zerurlygy ýok.

Satyjy tarapyndan şertnamanyň bozulmagy, mysal üçin:

— gozgalmaýan emläk eýeçiliginiň uzak wagtlap hasaba alynmagyndan gaçmaklyk

— satyjy şertnama baglaşylandan soň emläk eýeçiligine bolan hukugyny ýitiren ýagdaýynda.

 

Alyjy tarapyndan şertnamanyň bozulmagy, mysal üçin:

— alyjy emläk üçin asla pul tölemedik ýagdaýynda;

— uzak wagtlap gozgalmaýan emläk üçin çykdajylaryň köp bölegini tölemedik ýagdaýynda;

 

Kanunda we şertnamada göz öňünde tutulan beýleki sebäpler boýunça:

— hasaba alnyş işleri geçirilende galp resminamalaryň tapylmagy;

— öňki eýesi görkezilen möhletde ýaşaýyş jaýy boşatmadyk ýagdaýynda;

— kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklary bozulan halatynda;

— durmuş ýagdaýlarynyň üýtgemegi bilen düýpli görnüşde häzirki ýagdaýa täsir bolan ýagdaýynda.

 

Eger taraplaryň biri şertnamadan ýüz dönderse, onda şertnamadan çykylan mahalynda, ýerine ýetirmek arkaly alnan zat we peýda taraplara gaýtarylyp berilýär. Şol ýagdaýda 366-njy madda laýyklykda natura görnüşinde gaýtaryp bermegiň deregine pul bilen öwezini dolmak borjy bergidaryň üstüne ýüklenilýär.

Borçlar bozulan  halatynda zyyanyň öwezini dolmak Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 405-nji maddasy bilen düzgünleşdirilýär.