Polisiya ya-da prokuratura arza yazmaly we urulandygyny shayatlyk etmeli. Hukuk gorayjy edaralaryna yuzlenmek — mashgala zorlugynyn subutnamalygy bolup biler. Sheyle yuz tutma bolmasa, mashgaladaky zorlugy subut etmek kyn bolar we ayrylyshmagynyz umumy esasda amala ashyrylar. Koplench dymyan ya-da asgerilmeyan mashgaladaky zorluklar pidanyn olumine sebap bolyar.

Türkmenistanyň Jenaýat-prosessual kodeksi jenaýat teswirnamasyna üç günüň içinde garalmalydygyny göz öňünde tutýar, we şol döwürde jenaýat işini açmak meselesi çözülýär. Şeýle-de bolsa, tejribe, gözleg ýa-da beýleki prosessual çäreler zerur bolsa, bu möhleti 30 güne çenli uzaldylyp bilner. Hakyky zerurlyga garamazdan, arzanyň garalmagy köplenç uzaldýar.

Mümkin bolsa, hemme wakalary ýazypbellemeli — urmagyň her bir ýagdaýyny, haýbat atma ýagdaýlary diktofona ýazga geçirmeli. Kazyýete gelip, siziň tarapyňyzda gürlemäge taýyn şaýatlary tapmaga synanyşyň (bular garyndaşlar, kärdeşler, goňşular bolup biler). Bularyň hemmesi, nusga beýannamalaryna laýyklykda, dogry beýan edilmelidir we bu materiallar kazyýete goşular.

Jynsyna baglylykda adam we raýat hukuklarynyň we azatlyklarynyň gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn bozulmagy ýa-da çäklendirilmegi jenaýat jogapkärçiligidir, jogapkärçilik Türkmenistanyň häzirki Jenaýat kodeksiniň 111, 112 we 113-nji maddalarynda göz öňünde tutulandyr.

Eger-de raýatyň garşysyna edilen hereketler agyr netijelere getiren bolsa, kazyýet tarapyndan günäkär hasaplanan adam azatlykdan mahrum edilip bilner.