12-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmegiň şertleri

1. On sekiz ýaşyna ýeten, kämillik ukyply adam onuň ýazmaça arzasy boýunça şu aşakdaky halatlarda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip bilner, eger ol:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge hem-de hormatlamaga borçlansa;

2) Türkmenistanyň döwlet dilini gep alyşmagyň çäklerinde bilýän bolsa;

3) soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan bolsa;

4) eklenjiniň kanuny çeşmesi bar bolsa.

Eger adam Türkmenistanyň çäginden daşyna bir ýylyň dowamynda üç aýdan köp bolmadyk möhlete giden bolsa, onuň Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşamagynyň möhleti üzülmeýär, şu Kanunyň 34-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde görkezilen hemişelik ýaşamak möhleti şu aşakdaky adamlar babatda gysgaldylyp ýa-da ulanylman bilner:

1) türkmenler we olaryň nesilleri (çagalary, agtyklary, çowluklary we beýlekiler);

2) Türkmenistanda ýakyn garyndaşy bolan we hemişelik ýaşamak maksady bilen gelen öňki SSSR-iň raýatlary;

3) Türkmenistanyň öňünde görnükli hyzmatlary bitiren, ylymda, tehnikada, medeniýetde we sportda ýokary netijeleri gazanan ýa-da Türkmenistan üçin döwlet bähbitli käri ýa-da hünäri eýeleýän adamlar;

4) Türkmenistanyň raýatlygyna bolan hukugy öň bar bolan adamlar;

5) gaçybatalga berlen adamlar;

6) Türkmenistanyň kanuny ýa-da halkara şertnamasy bilen ykrar edilen bosgunlar;

7) Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşap gelen, ýöne bu çäkden mejbur edilip göçürilen ýa-da syýasy ýa-da dini ynam-ygtykadyna görä yzarlanandyklary üçin Türkmenistanyň çäginden çykyp giden adamlar, şeýle hem olaryň nesilleri.

3. Aýratyn halatlarda ýüz tutýanlar tarapyndan şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendi berjaý edilende, Türkmenistanyň Prezidenti olary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edip biler.