1. Nika ýaşyna ýeten we nika baglaşmak isleýän adamlar olaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki ýa-da olaryň ata-eneleriniň ýaşaýan ýerindäki Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy (RÝNÝ) edaralaryna arza bermäge  haklydyrlar.
  2. Arzada olar özleriniň umumy familiýasy hökmünde är-aýalyň haýsysynyň familiýasyny saýlamak isleýändiklerini ýa-da her biriniň nika baglaşmagyndan öňki familiýasyny saklamak isleýändigini, olaryň her biriniň ozal nikada durandygyny we şol nikadan çagalarynyň bolandygyny, bilelikdäki çagalarynyň bardygyny görkezmelidirler. Arzanyň ýanyna pasport (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) goşulýar.
  3. Nika baglaşmak isleýan adamlar nika baglaşylmagyny döwlet tarapyndan bellige almaga ygtyýarly adamlar tarapyndan şu Kodeksiň 20-nji maddasynda görkezilen nika baglaşylmagyna ýol bermeýän ýagdaýlar, şeýle hem 32-nji maddasynda görkezilen nikany hakyky däl diýip ykrar etmegiň esaslary barada arzada gol çekdirilip tanyşdyrylmalydyr.
  4. Nikanyň baglaşylmagy nika baglaşmak isleýän adamlaryň gatnaşmagynda, olaryň RÝNÝ edaralaryna arza beren gününden başlap bir aý geçenden soň geçirilýär.
  5. Esasly sebäpler (göwrelilik, çaganyň dogulmagy, umumy çagalarynyň bolmagy, iş ýa-da okuw bilen baglanyşykly başga ýere gidilmegi, çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmagy, nikanyň baglaşylmagynyň toý gününde resmileşdirilmeginiň islenilmegi we beýleki ýagdaýlar) bolan mahalynda, nika baglaşýanlaryň islegine görä, nika baglaşylmagynyň bellige alynýan ýerindäki RÝNÝ edaralary şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan möhletiň geçmezinden öň hem (nika baglaşmak isleýän adamlaryň saýlan gününde), şol sanda arzanyň berlen gününde nikanyň baglaşylmagyny döwlet tarapyndan bellige almaga borçludyr.
  6. Şu maddanyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda, nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça, RÝNÝ edaralary nikanyň baglaşylmagyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin bellenilen möhleti uzaltmaga borçludyrlar, ýöne ol nikanyň baglaşylmagyny bellige almak üçin bellenilen günden başlap alty aýdan köp bolmaly däldir. Şunda nika baglaşmak üçin gaýtadan arza bermek we döwlet pajyny tölemek talap edilmeýär. Nika baglaşylmagyny bellige almak üçin bellenilen günden başlap alty aý geçenden soň nika baglaşmak barada ýüz tutulan ýagdaýynda, nika baglaşmak isleýän adamlar RÝNÝ edaralaryna täze arza bermäge borçludyrlar, şunda gaýtadan döwlet pajyny tölemek talap edilmeýär.
  7. Nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça esasly sebäpler bolan mahalynda nika baglaşylmagyny bellige almak RÝNÝ edaralarynyň bolýan ýerinden başga ýerde geçirilip bilner.