11-nji madda. Dogulmagy bilen Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi

1. Adam dogulmagy bilen şu halatlarda Türkmenistanyň raýaty bolup durýar:

1) ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) Türkmenistanyň raýaty bolsa, çaganyň doglan ýerine garamazdan;

2) ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi raýatlygy bolmadyk ýa-da nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen ýa-da bolýan ýeri belli bolmadyk adam bolsa, çaganyň doglan ýerine garamazdan;

3) ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi daşary ýurt raýaty bolsa, çaga Türkmenistanyň çäginde doglan halatynda;

4) ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi daşary ýurt raýaty bolsa, çaga doglan pursadynda onuň ata-enesiniň ikisi ýa-da biri Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşan bolsa, çaganyň doglan ýerine garamazdan;

5) ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi daşary ýurt raýaty bolsa, çaga doglan pursadynda onuň ata-enesiniň ikisi hem Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşan we çaga Türkmenistanyň çäginden daşarda doglan bolsa, ata-enesiniň bilelikdäki arzasy boýunça. Şeýle arzanyň bolmadyk halatynda çaga raýatlygy bolmadyk adam bolýan bolsa, oňa Türkmenistanyň raýatlygy berilýär;

6) ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlar bolsa, çaga Türkmenistanyň çäginde doglan halatynda;

7) ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bolsa, çaga Türkmenistanyň çäginde doglan we onuň ata-enesiniň (ýeke-täk atasynyň ýa-da enesiniň) raýatlary bolup durýan döwletleri oňa raýatlyk bermeýän halatynda;

8) ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) bolýan ýeri we raýatlygy belli bolmadyk adam bolsa, çaga Türkmenistanyň çäginde doglan halatynda.

2. Çaganyň atasy diýlip Türkmenistanyň raýaty anyklanan halatynda çaganyň enesi raýatlygy bolmadyk adam bolup durýan bolsa, doglan ýerine garamazdan çaga Türkmenistanyň raýaty bolýar.

3. Ata-enesi belli bolmadyk Türkmenistanyň çäginde bolýan çaga Türkmenistanda doglan we Türkmenistanyň raýaty diýlip hasap edilýär. Bu çaganyň ata-enesinden biri, hossary ýa-da howandary ýüze çykan halatynda onuň raýatlygy şu Kanuna laýyklykda üýtgedilip bilner.