Türkmenistanyň Maşgala Kodeksiniň 90-njy madda. Aýratyn ýaşaýan atanyň (enäniň) çagany terbiýelemäge gatnaşmagy

 

  1. Çagadan aýry ýaşaýan ata (ene) ony terbiýelemäge, çaganyň bilim almagyna gatnaşmaga hukugy bardyr we borçludyr hem-de onuň bilen gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr. Çaga ýanynda ýaşaýan atasy (enesi), atanyň (enäniň) beýlekisine çaga bilen gatnaşyk saklamaga we onuň terbiýelenmegine gatnaşmaga päsgel bermäge hakly däldir.
  2. Eger ata-ene çagadan aýry ýaşaýan atanyň (enäniň) çaganyň terbiýesine gatnaşmagy barada ylalaşyga gelip bilmese, onda bu tertip ata-enäniň gatnaşmagynda we çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara almak bilen hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
  3. Eger şeýle gatnaşmak çaganyň beden we psihiki saglygyna, ahlak taýdan ösmegine zyýan ýetirýän bolsa, hossarlyk we howandarlyk edarasy çagadan aýry ýaşaýan atany (enäni) onuň bilen gatnaşyk saklamak hukugyndan anyk möhlete çäklendirip biler.
  4. Haçan-da ata (ene) hossarlyk we howandarlyk edarasynyň kararyny ýerine ýetirmeýän bolsa, hossarlyk we howandarlyk edarasy, şeýle hem atanyň (enäniň) her biri kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.
  5. Kazyýetiň çözgüdi ýerine ýetirilmedik mahalynda günäkär ata (enä) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreler ulanylýar.
  6. Günäkär ata (ene) tarapyndan kazyýetiň çözgüdi bilkastdan ýerine ýetirilmedik mahalynda, aýratyn ýaşaýan ata (ene), çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara alyp, çaganyň özüne berilmegi hakynda hak islegi bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.
  7. Çagadan aýry ýaşaýan atanyň (enäniň) durmuş hyzmaty edaralaryndan we beýleki edaralardan öz çagasy hakynda maglumat almaga hukugy bardyr. Diňe ata (ene) tarapyndan çaganyň ömri we saglygy üçin howp abanan mahalynda maglumat bermekden ýüz dönderilip bilner. Maglumat bermekden ýüz dönderilmegi barada kazyýete şikaýat edilip bilner.