Вопросы от читателей

Ýaşaýyş jaýy äriniň adynda bolsa, aýaly başga welaýatdan gelen bolsa öz hususy jaýyna hasaba alyp bilermi?

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky «Türkmenistanda pasport ulgamyny gowulandyrmak baradaky» kararynyň 2-nji bölüminiň 2-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň içeri işler ministrligi ýerine ýetirmeli:

— Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýan ýerinde hasaba almak, ýa-da ýazgydan çykarmak.

Aşgabat şäherinde üçin är-aýalyň bellige alynmagy diňe 5 ýyllap bilelikde durmuş gurup ýaşan ýagdaýynda ýa-da çaga dünýä inenden soň amala aşyrylýar.

Если квартира оформлена на мужа, может ли он к себе прописать жену с велаятской пропиской?

На основании Указа Президента Туркменистана «О совершенствовании паспортной  системы  в  Туркменистане» от 2 сентября 2020 года ч.2 п.2 в соответствии с законодательством Министерство внутренних дел Туркменистана должно обеспечить:

— прописку по месту проживания граждан Туркменистана, а также выписку.

Однако по городу Ашхабад прописка супругов друг другу осуществляется только после 5 лет проживания в совместном браке либо при рождении детей.

Döwlet zerurlyklary üçin ele salnan jaýa we ýer böleginiň öwezini dolmak hukugy?

Döwlet zerurlyklary üçin ele salnan ýa-da ýykyljak jaý üçin kompensasiýa doly görnüşinde bölünip berilmelidir ýagny size  gymmaty öňki ýaşaýyş jaýynyňka deň bolan ýaşaýyş meýdany ýaşaýyş jaýy berilmelidir (inwentar işlerine görä).

Täze berlen jaýyň meýdany ýykylan jaýyň meýdanyndan uly bolan ýagdaýynda aratapuwydyny goşmaça töleg bilen tölemeli. Döwlet zerurlyklary üçin ele salnan ýer bölegine, şol ýaşaýyş jaýynyň eýesine töweregindäki ele salnan ýer üçin döwlet tarapyndan kompensasiýa berilenok. Sebäbi Turkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda ýer hususy eýeçilige degişli däl-de döwlete degişlidir.

Право на компенсацию за дом и земельный участок, изъятые для государственных нужд

Компенсация за дом, изъятый для государственных нужд или подлежащий сносу, должна быть выделена в полном объеме, т.е. вам должны предоставить другое равноценное жилое помещение (согласно инвентарному делу). В случае, если выданное взамен жилье будет превышать квадратуру снесенного дома, то придется оплачивать разницу за дополнительные квадратные метры.

За изъятый земельный участок для государственных нужд собственнику жилого помещения, находящегося на нем, государственная компенсация не выплачивается, т. к. согласно действующему законодательству Туркменистана, земля не является объектом частной собственности и принадлежит государству.

Işgärleriň hünär synagy, ony geçirmegiň tertibi barada düşündirseňiz?

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 321-nji maddasyna laýyklykda işgärleriň hünär derejesini barlamak, iş häsiýetlerini kesgitlemek, hünäri,  wezipesi bilen laýyklygyny kesgitlemek üçin iş beriji işgärleri  hünär synagyndan geçirýär.

Diňe degişli wezipede ýa-da iş ýerinde azyndan üç ýyl işlän işgärler hünär synagyndan geçirilýär. Her bir işgär üç ýylda bir gezek hünär synagyndan geçip biler. Hünär synagy, işiň aýratynlyklaryna baglylykda, iş beriji tarapyndan bellenilen möhletden has ýygy, ýöne ýylda bir gezekden köp bolup bilinmez.

Men welaýatda hasaba alynan, ýöne Aşgabat şäherinde men resmi taýdan işläp ýorin. Aşgabat şäherinde men hususy jaýy  satyn alyp, we şol  jaýda hasaba durup bilerinmi?

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 51-nji maddasyna esaslanyp her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna we abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde we özbaşdak ýaşaýyş  jaýyny gurmakda döwletiň goldawyna hukugyňyz bardyr. Emma, muňa garamazdan, Aşgabat şäherinde ýaşamak üçin rugsatnamaňyz  bolmasa, ýaşaýyş jaýyny satyn alyp bilmersiňiz.

Я уроженка велаята, но работаю официально в г. Ашхабаде. Могу ли я купить квартиру и прописаться туда?

Статья 51 Конституции Туркменистана предусматривает, что при осуществлении гражданами жилищных прав и исполнении обязанностей, вытекающих из жилищных отношений, не допускается нарушение прав, свобод и законных интересов других граждан, но, тем не менее, если Вы не имеете прописку в городе Ашхабаде, то жилое помещение не сможете приобрести.

Bölünişige sezewar edilmeýän emläk

Aşakdaky emläk bölünişige sezewar edilmeýär we çagalar haýsy är-aýal bilen ýaşaýan bolsa, şoňa öwezini dolmazdan geçirilýär:

Diňe kämillik ýaşyna ýetmedik we uly ýaşly maýyp çagalaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin satyn alnan zatlar (eşik, aýakgap, mekdep we sport enjamlary, saz gurallar, çagalar kitaphanasy, şahsy şaý-sepler we ş.m.).

Hususy är-aýalyň bilelikdäki emlägiň hasabyna goşantlary ýa-da är-aýalyň biriniň umumy kämillik ýaşyna ýetmedik we maýyp ulu сagalaryň adyna eden goşandy, çagalara degişlidir diýlip hasaplanýar we är-aýalyň bilelikdäki emlägi bölünişikde sanalmaýar (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 58-nji maddasy).

Men, Instituty gutardym, diplom almak üçin 2 ýyl iş gerek. Aşgabat şäherinde hasaba alynman işläp bilerinmi?

Ýok, Aşgabatda Siz resmi taýdan hasapda durmaýnlygyňyz sebäpli  işläp bilmersiňiz. 2019-njy ýylyň 03-nji fewral aýynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň. 1113 belgili karary bilen tassyklanan «Orta hünär we ýokary hünär  bilimi  edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň» Düzgünnamasy esasynda,  ýaş hünärmenler okuwy gutarandan soň welaýatlaryna gaýdyp gelýärler, kabul edilen ýerinde azyndan 2 ýyl işleýärler.

Ýokary okuwy gutarandan soň, ýaş hünärmenlere  şahadatnama we kär derejesi berilýär.

Azyndan 2 ýyl işläninden soň, ýaş hünärmen iş ýerinden häsiýetnama tabşyrýar we ýokary okuwy gutardyş diplomyny alýar. Welaýat döwlet edaralary öz içinde hünärmenleri ýerleşdirýärler

Мне нужно отработать 2 года после окончания института, чтобы получить диплом. Могу ли я отработать без прописки в г. Ашхабаде?

 

Нет, отработать без прописки в гор. Ашхабаде вы не сможете т.к. на основании Положения «Об отработке молодыми специалистами со средним и высшим образованием», утвержденным постановлением Президента Туркменистана от 03.02.2019г., за № 1113 по окончании учебы, молодой специалист возвращается к себе в регион, отрабатывает не менее 2 лет по месту поступления, т.е. в регионе.

По окончании ВУЗа молодым специалистам выдаются Свидетельства об окончании ВУЗа и присвоении квалификации. После отработки не менее 2 лет, молодой специалист представляет характеристику с места работы и получает диплом об окончании ВУЗа. Велаятские государственные органы распределяют специалиста в пределах велаята.