TZK 243 mad. esasynda fiziki däl işlerden ýa-da sanitariýa we hojalyk hyzmaty boýunça işlerden daşary zyýanly, has agyr zähmet şertleri bolan işlerde zenanlaryň zähmetini ulanmak çäklendirilýär. Zenanlaryň zähmetini ulanmak çäklendirilýän zyýanly, has agyr zähmet şertleri bolan işleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Üç ýaşyna çenli bolan çagasy (maýyp-çagasy – on alty ýaşa çenli) bolan zenanlar gijeki wagtda işe, iş wagtyndan daşary işe, dynç günlerinde işe, iş däl baýramçylyk we ýatlama günlerinde işe çekilip, şeýle hem olaryň ýazmaça razylygy bolmazdan, gulluk iş saparlaryna ugradylyp bilinmeýär.

Üç ýaşdan on dört ýaşyna çenli çagasy (maýyp-çagasy – on alty ýaşa çenli) bolan zenanlar iş wagtyndan daşary işe çekilip ýa-da olaryň ýazmaça razylygy bolmazdan, gulluk iş saparlaryna ugradylyp bilinmeýär.

Şu maddanyň ikinji we üçünji böleginde görkezilen zenanlar ýazmaça görnüşde işleriň bu görnüşine çekiilmekden ýüz öwürmäge bolan özüniň hukuklary bilen tanyşmaly.

Iş beriji, eger-de lukmançylyk netijenamasynyň esasynda olar idege mätäç bolsa, näsag maşgala agzasyna ideg edýän işgärleri gijeki wagtda işe, iş wagtyndan