Nägilelik siziň hukuklaryňyzyň bozulan ýa-da siziň işiňiz boýunça ahyrky çözgüdiň kabul edilen we siziň kabul edilen çözgüt bilen kanagatlanmaýan pursatyndan bir ýylyň dowamynda kabul edilip bilinýär.

Delillendirilen sebäp bolan ýagdaýynda nägileligi bermegiň möhleti uzaldylyp bilinýär, emma alty aýdan uzak däl.

Deslapky derňew ýerlerinde, tussag ýerlerinde, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralarda saklanýan taraplar tarapyndan Ombudsmene salgylanan nägilelik senzura edilmäge degişli däl we Ombudsmene ýigrimi dört sagadyň dowamynda ugradylýar.

Ombudsmen täze ýagdaýlar ýa-da täze hakykatlar bolan ýagdaýlardan daşary ýagdaýlarda gaýtadan berlen nägilelige seretmeýär.