Türkmenistan Konstitusiýasynyň 49-nji maddasy esasynda, her bir adamyň işlemäge, sagdyn we howpsuz iş şertleri bolan hünäri we iş ýerini, öz islegi boýunça saýlamaga hukugy bar.

Türkmenistanyň Zähmet Kodeksi raýatlaryň pensiýa döwründe işlemegini gadagan etmeýär. Mundan başga-da, iş berijiler işgärini pensiýa ýaşyna ýeten bolsa işden aýyrmaga hukugy ýokdyr.