Köplenç ulanylmadyk  zähmet rugsady üçin  öwezini doluş tölegi işden çykylanda, ýagny işgär iş berijide birnäçe wagt işlände, zähmet rugsadyna çykman we işden çykanda tölenilýär. Munuň ýaly ýagdaýda ulanylmadyk zähmet rugsady üçin öwezini doluş tölegini geçirmegiň möhleti kesgitlenilmedik, sebäbi ähli tölegler, şol sanda seredilýän öwezini doluş tölegi Türkmenistanyň zähmet Kodeksiniň 109, 134 mad. esasynda işden çykan günde amala aşyrylmaly.

Eger-de işgär oňa geljekde işden çykmak bilen oňa zähmet rugsadyny bermegi soraýan bolsa, onda zähmet rugsady üçin hiç hili öwezini doluş tölegi işgäre tölenilmäge degişli bolmaýar. Işgär zähmet rugsadyna gidýär we onuň işden çykan güni zähmet rugsadynyň soňky güni bolar.