Türkmenistan döwleti gender (jyns taýdan) deňligi (erkekler bilen aýallaryň arasyndaky deňligi) ilki bilen kanun esasynda üpjün edýär.

Hususan-da, 2015-nji ýylda «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda raýatlaryň deň hukuklaryny we deň mümkinçiliklerini üpjün edýär, ýöne ilki bilen raýat hukuklaryndaky deňlik bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Şunuň bilen baglylykda, kepillikler baradaky ýokarda bellenilip geçilen Kanunyň 15-nji maddasynda aşakdakylar göz öňünde tutulýar:

  1. Döwlet aýallara we erkeklere raýat hukuklarynyň amala aşyrylmagynda deňhukuklylygy kepillendirýär.
    2. Döwlet aýallara we erkeklere ýaşaýşa we ony erkin amala aşyrmaga, şol sanda adyny, atasynyň adyny, familiýasyny, milletini we raýatlygyny, şahsy pikirini we garaýyşlaryny erkin aýtmaga bolan hukugyny hem goşmak bilen, özboluşlylygyny gorap saklamaga hukugyny kepillendirýär.
  2. Döwlet şertnamalary baglaşan we emlägi dolandyran mahalynda aýallara we erkeklere deň hukuklary üpjün edýär.
  3. Döwlet aýallara we erkeklere kanunyň öňündäki deňligi kepillendirýär.
  4. Döwlet şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, aýallara we erkeklere namysynyň we mertebesiniň deň kazyýet goragyny, şahsy we syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we elinden alynmaýan hukuklaryny kepillendirýär.
  5. Aýallar we erkekler Türkmenistanyň çäginde erkin hereket etmekde we ýaşaýan ýerini saýlap almakda, eger-de Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, deň hukuklydyrlar.
  6. Aýallar we erkekler Türkmenistanyň çäginde erkin hereket etmekde we ýaşaýan ýerini saýlap almakda, eger-de Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, deň hukuklydyrlar.
  7. Aýalyň we erkegiň öz dine bolan garaýşyny özbaşdak kesgitlemäge, islendik dine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga hukugy bardyr.