Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 321-nji maddasyna laýyklykda işgärleriň hünär derejesini barlamak, iş häsiýetlerini kesgitlemek, hünäri,  wezipesi bilen laýyklygyny kesgitlemek üçin iş beriji işgärleri  hünär synagyndan geçirýär.

Diňe degişli wezipede ýa-da iş ýerinde azyndan üç ýyl işlän işgärler hünär synagyndan geçirilýär. Her bir işgär üç ýylda bir gezek hünär synagyndan geçip biler. Hünär synagy, işiň aýratynlyklaryna baglylykda, iş beriji tarapyndan bellenilen möhletden has ýygy, ýöne ýylda bir gezekden köp bolup bilinmez.