Aşakdaky emläk bölünişige sezewar edilmeýär we çagalar haýsy är-aýal bilen ýaşaýan bolsa, şoňa öwezini dolmazdan geçirilýär:

Diňe kämillik ýaşyna ýetmedik we uly ýaşly maýyp çagalaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin satyn alnan zatlar (eşik, aýakgap, mekdep we sport enjamlary, saz gurallar, çagalar kitaphanasy, şahsy şaý-sepler we ş.m.).

Hususy är-aýalyň bilelikdäki emlägiň hasabyna goşantlary ýa-da är-aýalyň biriniň umumy kämillik ýaşyna ýetmedik we maýyp ulu сagalaryň adyna eden goşandy, çagalara degişlidir diýlip hasaplanýar we är-aýalyň bilelikdäki emlägi bölünişikde sanalmaýar (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 58-nji maddasy).