Ýok, Aşgabatda Siz resmi taýdan hasapda durmaýnlygyňyz sebäpli  işläp bilmersiňiz. 2019-njy ýylyň 03-nji fewral aýynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň. 1113 belgili karary bilen tassyklanan «Orta hünär we ýokary hünär  bilimi  edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň» Düzgünnamasy esasynda,  ýaş hünärmenler okuwy gutarandan soň welaýatlaryna gaýdyp gelýärler, kabul edilen ýerinde azyndan 2 ýyl işleýärler.

Ýokary okuwy gutarandan soň, ýaş hünärmenlere  şahadatnama we kär derejesi berilýär.

Azyndan 2 ýyl işläninden soň, ýaş hünärmen iş ýerinden häsiýetnama tabşyrýar we ýokary okuwy gutardyş diplomyny alýar. Welaýat döwlet edaralary öz içinde hünärmenleri ýerleşdirýärler