Ene-atanyň hukuklaryndan mahrum edip bilerler, eger de ene-atalar:

— sebäpsiz çagasyny doglan medisina edarasyndan ýa-da başga bir edaradan almakdan ýüz öwürseler;

— ene-atanyň jogapkärçiligini ýerine ýetirilmeginden gaçýan bolsalar ýa-da ene-atanyň hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalanýan bolsalar;

— çaga rehimsizlik bilen çemeleşseler, oňa garşy fiziki ýa-da akyl taýdan zorluk edseler. Hususan-da, hyýanatçylyk diýip düşünmeli – dilegçilige, ogurluga, jelepçilige, alkogol içgileri we neşe serişdeleri ulanmaga mejbur etmek, şeýle hem umumy orta bilim almak üçin päsgelçilikler döretmek;

— ahlaksyz hereketleri bilen çaga zyýanly täsir edýärler;

— arakhorluk, neşekeşlik ýa-da toksikomaniýa keselleri bilen syrkaw bolsalar;

— çagasynyň ýa-da ýanýoldaşynyň ömrüne we saglygyna garşy bilkastlaýyn jenaýat eden bolsalar.