Ene-atasy aýrylyşyp bile ýaşamaýan ýagdaýynda çaganyň ýaşaýan ýeri ene-atanyň razyçylygy bilen kesgitlenýär. Razylyk ýok halatynda, ene-atanyň arasyndaky jedel kazyýet tarapyndan çözülýär, şeýle hem 10 ýaşyna ýeten çaganyň hökmany pikiri we onuň üçin iň oňat bähbitleri göz öňünde tutulýar.

Şeýle ýagdaýda kazyýet çaganyň ene-atalaryň hersine bolan gatnaşygyny,  doganlarynyň we uýalarynyň hersine bolan söýgisini göz öňünde tutýar.

Her bir ene-atanyň we çaganyň arasyndaky gatnaşyklary, şeýle hem çaganyň terbiýesi we ösmegi üçin şert döretmek mümkinçiligi göz öňünde tutýar (hünäri, ene-atalaryň iş tertibi, ene-atalaryň maddy we maşgala ýagdaýy we beýlekiler) (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 89-njy maddasynyň 4-nji bölümi).

89-njy madda. Ýaşaýyş jaýyny kömekçi kireýine almak-bermek şertnamasyny bes etmek we bozmak

4. Eger ýaşaýyş jaýynyň kömekçi kireýine alyjysy ýa-da onuň bilen kömekçi kireýine almak-bermek şertnamasy boýunça ýaşaýyş jaýyna bilelikde göçürilip getirilen adamlar bu jaýy niýetlenilişi boýunça peýdalanmasalar, goňşularyň hukuklaryny we kanuny bähitlerini yzygiderli bozsalar ýa-da ýaşaýyş jaýyna eýeçiliksiz çemeleşseler, onuň ýumrulmagyna ýol berseler, kireýine alyjy kömekçi kireýine alyja düzgün bozmany düzetmegiň zerurdygy hakynda duýdurmaga haklydyr.