Gaýynenemiň “Çoganlyda” öz öýi bar. Men adamym we çagam bilen bu öýde 5 ýyldan gowrak ýaşaýarys. Bu öýde maşgalamdan başga-da adamymyň kiçi erkek dogany maşgalasy bilen ýaşaýar. Gaýynenem, bu jaýyň eýesi hökmünde, bu öýde meniň hasaba alynmagyma razy däl,  emma kiçi gelnini bellige aldy. Onuň pikirine görä, biz uly erkek doganyň maşgalasy we şonuň üçin başga bir jaýa göçmeli. Ol meniň adamymyň ejesi bolandygy sebäpli, men ony kazyýeta berip bilemok. Kanun boýunça gaýynenemiň hereketleri dogrymy?

Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kodeksiniň 35-nji maddasyna esaslanyp, hususy ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň maşgala agzalary, gelenlerinde başgaça ylalaşylmadyk bolsa, bu ýaşaýyş jaýyndaky jaýlary özi bilen deň derejede ulanmaga haklydyr. Hususy ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň maşgala agzalary kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryny bu ýaşaýyş jaýynyň eýesi tarapyndan berlen ýaşaýyş jaýyna göçürmäge haklydyr, emma beýleki maşgala agzalarynyň göçmegine diňe bu ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň razylygy bilen rugsat berilýär.

Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kodeksiniň 35-nji madda. Hususy ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň maşgala agzalarynyň hukuklary we borçlary

1. Hususy ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň maşgala agzalary, eger olar göçüp gelenlerinde başgaça bellenilmedik bolsa, onuň bilen bir hatarda bu ýaşaýyş jaýyndaky jaýlardan peýdalanmaga haklydyrlar.

2. Hususy ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň maşgala agzalary özlerine bu ýaşaýyş jaýynyň eýesi tarapyndan berlen ýaşaýyş jaýyna öz kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryny göçürip getirmäge haklydyrlar, maşgalanyň beýleki agzalaryny göçürip getirmäge diňe ol ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň razylygy bilen ýol berilýär.

3. Hususy ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň maşgala agzalarynda ol ýaşaýyş jaýynyň eýesi bilen maşgala gatnaşyklary bes edilen halatlarynda hem şeýle ýaşaýyş jaýyndan peýdalanmak hukugy saklanyp galýar, bu ýagdaýda ol ýaşaýyş jaýyndan peýdalanmagyň tertibi bu ýaşaýyş jaýynyň eýesi bilen onuň maşgalasynyň öňki agzalarynyň arasyndaky ylalaşyk bilen kesgitlenilýär.  

4. Hususy ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň kämillik ýaşyna ýetmedik maşgala agzalarynyň ýaşaýan ýaşaýyş jaýyny aýrybaşgalamaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olara hossarlyk we howandarlyk edýän hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen ýol berilýär.

5. Hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň bu ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmaga razylyk beren kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalary we beýleki adamlar olaryň umumy bilelikdäki eýeçiligi bolup durýan hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýy babatda deň hukuklara eýedirler we deň borçlary ýerine ýetirýärler. Hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny satmak, çalyşmak, sowgat etmek, kireýine bermek ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň we bu ýaşaýyş jaýynda hemişelik ýaşaýan beýleki adamlaryň razylygy bilen geçirilýär.