Şu gün — 11-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine belläp, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümine girizmek hem-de ony Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde habar berildi.

https://turkmenportal.com/tm/blog/34275/serdar-berdymuhamedov-naznachen-vicepremerom-predsedatelem-vysshei-kontrolnoi-palaty-turkmenistana